Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik


19.03.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.  Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.  – Siziň bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasyna öz Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Russiýanyň halkyna bolsa, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.  Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýan bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär.  Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn orun degişlidir.  Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, parlamentara hyzmatdaşlygy yzygiderli alnyp barylýar.  Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar. Bu gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.  Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, rus kärdeşine Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlygyny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.  Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn