Ylham Alyýew, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdygyna ynanýar


20.03.2024

TDH habar gullugynyň habaryna görä, Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruzyň bahar baýramy bilen gutlady. - Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi we Türkmenistanyň dogan halkyny halklarymyzyň baý taryhy we medeni mirasyny özünde jemleýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ene tebigatymyza çäksiz söýginiň aýdyň beýany bolan bu baýramçylyk, adamlary birleşdirýän ýokary gymmatlyk bolup hyzmat edýär. Tebigatyň dürli reňklerde janlanmagyny öz içine alýan Nowruz baýramynyň gadymy däpleri, köp asyrlyk medeni mirasa bolan hormatymyzy görkezýär. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy üstünlikli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn "-diýdi. Ylham Alyýew, şeýle hem Serdar Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentligine gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýanlary we iň gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn