«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi


20.03.2024

Şu günler ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. 

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw binasynyň öňünde — açyk asmanyň astynda «Bahar pasly baýramlaryň paslydyr — hoş geldiň Nowruzym eziz Diýara» diýen at bilen guralan baýramçylyk çäresine agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Garaşsyz Watanymyzy we Milli bahar baýramyny wasp edýän aýdym-sazlar we goşgy setirleri ýaňlandy. Tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary bolsa dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Bu günki gün Nowruz baýramy türki dünýäsiniň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Häzirki zaman sungat ýörelgelerini utgaşdyryp, medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrýar

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn