Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat


22.03.2024

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç! Türki halklaryň gadymy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Bu baýram tebigatyň janlanmagyny, adamyň daşyny gurşap alýan dünýä bilen sazlaşygyny, täzelenişi, döredijilikli güýji we şatlygy alamatlandyrýar. Bu ajaýyp bahar baýramynda Size berk jan saglyk, üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin. Mintimer ŞAÝMIÝEW, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti. Maglumat çeşmesi: tdh.gov.tm

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn