BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýyly» diýip yglan etdi


23.03.2024

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibi biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, 86 döwlet bu karara awtordaş hökmünde çykyş etdi.   Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň habar berişi ýaly, resminama BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini, ilkinji nobatda bolsa jedelleri parahatçylykly ýollar hem-de usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary görkezýär. Şeýle hem bu Rezolýusiýa ÝUNESKO-nyň hem-de BMG-niň Syýasy we parahatçylygy ýola goýmak meseleleri boýunça departamentiniň guramaçylyk meseleleri bilen, halkara derejesindäki ýyl üçin Maksatlaýyn gazna meýletin goşantlary çekmegiň mehanizmini özünde jemleýär. Bu başlangyç halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek hem-de höweslendirmek ugurlaryna, parahatçylykly ýaşamagyň we konstruktiw dawalary çözmegiň möhümdigi boýunça habarlylygy ýokarlandyrmagy gazanmaga gönükdirilendir. Rezolýusiýanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak hem-de goldamak islegini tassyklaýar, şeýle-de bu maksada ýetmek üçin köpçülikleýin hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn