Türkmenistanyň Prezidenti Albaniýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady


25.03.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Albaniýa Respublikasynyň Prezidenti Baýram Begaýa we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Albaniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Baýram Begaýa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Albaniýanyň halkyna bolsa mundan beýläk hem ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn