«PostShop» marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy


02.04.2024

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «PostShop» internet söwda meýdançasy Aşgabatda özüniň ilkinji oflaýn dükanyny açmak bilen, müşderileri üçin mümkinçilikleriniň gerimini giňeltdi.

Indi «PostShop» müşderilerine önümi görüp we eltilmegine garaşmazdan, dessine satyn almaga şerti üpjün etdi. Bu, esasanam, satyn almasy gyssagly bolan harytlaryň söwdasy üçin oňaýlydyr.

«PostShop» dükany önümleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär: hojalyk tehnikalary, kompýuter tehnikasy üçin enjamlar, dynç alyş we syýahat üçin niýetlenen önümler.

Geljekde dükanyň assortimenti kanselýariýa we hojalyk himiýa serişdeleri bilen giňeldiler.

Täze dükan şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., B.Annanow köçesi, 39 A jaý. Dükanyň iş wagty: hepdäniň ähli günleri — sagat 9:00-dan 20:00-a çenli.

«PostShop» marketpleýsi harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine ibermegi üpjün edýär. Harytlar satyn alnanda nagt we nagt däl görnüşde bank karty arkaly töleg geçirip bolýar.

Mundan başga-da, ulanyjylara amatly bolmagy üçin, «PostShop» mobil goşundysy türkmen we rus dillerinde işlenip düzüldi. Onlaýn marketpleýs barada has giňişleýin maglumatlary (+993 65) 72 89 52 telefon belgileri arkaly habarlaşyp alyp bilersiňiz.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn