Millet köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi


04.04.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary başlandy.

«Нейтральный Туркменистан» elektron gazetiniň habaryna görä, ýokary derejeli myhmany resmi garşylamak dabarasy Millet köşgünde geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylady we hormat münberine çagyrdy.

Garşy alyş dabarasy Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabaty, iki ýurduň Döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi, Hormat garawulynyň öňündäki ýöriş, ýokary derejeli myhmanyň Täjigistanyň Döwlet baýdagyna hormatyny görkezmegi bilen dowam etdi. Resmi garşylamak dabarasy taraplaryň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryş we Hormat garawulynyň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň öňünden dabaraly ýörişi bilen tamamlandy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn