Türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi


04.04.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekilen resminamalar:

– “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnama”;

– “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk”;

– “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Binagärlik we gurluşyk boýunça komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk”;

– “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama”;

– “Arkadag we Hujand şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Arkadag şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň (Sugt oblasty, Täjigistan Respublikasy) arasynda Ylalaşyk”.

Duşenbe şäherinde geçirilen türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça özärabähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly mümkinçilik berer.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn