Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler


14.04.2024

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň HHR-niň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Çžan Çžen bilen duşuşygynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň geçirilmegi we ýurtlaryň arasynda bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Türkmen diplomaty Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Gündogaryň beýik akyldarynyň ýubileýi mynasybetli Pekiniň Daşary ýurt dilleri institutynyň goldaw bermeginde onuň şygyrlary hytaý diline terjime edilýär.

Şeýle hem Parahat Durdyýew Medeniýet ýylynyň çäklerinde Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasy bilen bilelikde dürli çäreleri guramagy teklip etdi. Ilçi 2019-njy ýylda iki ýurduň liderleriniň gatnaşmagynda assosiasiýanyň göçme mejlisiniň üstünliki geçirilendigini belläp, Türkmenistanyň we HHR-niň döwlet baştutanlarynyň adyndan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklary baradaky Beýannamany taýýarlamagy teklip etdi.

Mundan başga-da ilçi Hytaýda Magtymgulynyň ýadygärligini açmak, Beýik Ýüpek ýoly baradaky sahna oýunlaryny görkezmek başlangyçlary bilen çykyş etdi. Türkmenistanda hytaý şahyry Dun Funyň ýadygärliginiň oturdylandygyny bellemek gerek. Çžan Çžen Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň baý tejribesiniň toplanandygyny belläp, medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň uly ähmiýetini nygtady. Ol 2023-nji ýylda Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet ýylynyň üstünlikli geçirilendigini belledi we türkmen ilçisini daşary ýurtly diplomatlar üçin her ýyl geçirilýän çärä çagyrdy. Bu çäre 22-26-njy aprelde Şandun welaýatynda geçiriler. Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarysyny şu ýylyň tomus aýlarynyň başynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn