«Türkmentelekom» EAK-nyň hyzmatlaryny onlaýn dolandyryň!


17.04.2024

Müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin «Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn-programma üpjünçiligi we mobil goşundysy ýola goýuldy.

«Şahsy otag» milli onlaýn-programma üpjünçiligi we mobil goşundysy arkaly:

Internet, IP TV, telefon hyzmatlary, «Belet Video», «Belet Film» onlaýn kinoteatr platformasy boýunça ýüze çykyp biljek näsazlyklary barada sargyt ibermek; (sargytlar tehniki işgärler tarapyndan kabul edilip, gysga wagtyň içinde zerur bolan geçirmek-çalyşmak işleri alnyp barylýar)

Aragatnaşyk hyzmatlaryň sanawyny görmek we täze girizilýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanyşmak;

Aragatnaşyk hyzmatlaryny birikdirmek, aýyrmak we bu hyzmatlaryň nyrh meýilnamasyny saýlamak we özbaşdak üýtgetmek;

Ähli geçirilen tölegleriň sanawy we möçberleri barada takyk maglumat bilen tanyşmak;

Bank karty arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasabyny gije-gündiziň dowamynda nagt däl amala aşyrmak ýaly hyzmatlary onlaýn ýerine ýetirýär.

«Şahsy otag» - müşderileriň özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna dessine jogap tapmagyna we kompaniýanyň alyp barýan işleri barada doly maglumatlary almaklaryna mümkinçilik berýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn