DÝHG agza döwletleriň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara Hormat diplomlary gowşuryldy


19.04.2024

Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi jemlendi.

Forumyň jemlenmegi mynasybetli guralan dabarada Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjy taraplara dabaraly ýagdaýda Hormat diplomlary gowşuryldy. Ony «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow gowşurdy.

Hormat diplomlaryna eýe bolan myhmanlar forumyň diýseň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdiler we türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Mejlisiň jemlenmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çärede çykyş edenler demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň dowamynda diýseň ähmiýetli teklipleriň hem-de başlangyçlaryň öňe sürlendigini hem-de degişli çözgütleriň kabul edilendigini bellediler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn