«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «THALES SIX GTS France SAS» kosmos pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy


24.04.2024

Fransiýanyň paýtagty Parižde badalga alan Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň çäginde şu gün — 24-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň  «THALES SIX GTS France SAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.  

Duşuşykda taraplar ygtybarly kiberhowpsuzkyk, aragatnaşyk we kosmos ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Kompaniýa bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistana kosmos ulgamy boýunça hyzmatlaryny hödürledi. Ýeri gelende bellesek, «Thales SIX GTS France» kompaniýasy kiberhowpsuzlyk we kommunikasiýalar ulgamy boýunça Ýewropada birinji orny eýeleýär, dünýäde bolsa ilkinjileriň biri hatarynda durýar.

Taraplaryň wekilleri özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar. Duşuşyk iki tarapyň hem özara peýdaly gatnaşyklara taýýardygyny görkezýän dostluk hem konstruktiw ýagdaýynda geçdi.

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçýän halkara forum energiýa pudagyndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Türkmenistan üçin strategiki taýdan ähmiýetli bolan pudaga maýa goýumlary çekmek üçin möhüm platforma öwrüldi. Dürli ýurtlaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň oňa gatnaşmagy ýurduň energiýa infrastrukturasyna we mümkinçiliklerine gyzyklanmany tassyklaýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn