«Türkmenaragatnaşyk» agentligi — «Airbus» kompaniýasy: hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy


24.04.2024

24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF — 2024) çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň «Airbus» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistana kosmos ulgamy boýunça hyzmatlaryny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Duşuşygyň barşynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Elbetde, bu taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de tejribeleri alyşmakda möhüm ädime öwrüler.

«Airbus» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk taraplar üçin özboluşly mümkinçilikleri açar. Çünki ýurdumyzda kosmos ugrunyň ösüşine, tehnologiýalar dünýäsiniň gazananlaryna diýseň uly orun berilýär. Bu hakykat Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň çäginde «Airbus» kompaniýasynyň wekilleri bilen guralan duşuşykda hem aýdyň şöhlelendi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn