Ýaponiýaly talyp dünýäde iň kiçi robot-gumanoidi döretdi


26.04.2024

Ýaponiýaly talyp Misuýa Tasuhiko dünýäniň iň kiçijek gumanoid robotyny döretmegi başaryp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Tehnologiýanyň beýikligi bary-ýogy 5,77 santimetre ýetýär. Munuň özi öňki gazanylan rekorddan üç esse kiçidir.

Elektron gumanoidiň döredijisi Nagoýa Tehnologiýa Institutynyň aspiranty Misuýa Tasuhiko. Ol on ýaşynda wagty diňe ellerini hem aýaklaryny gymyldadyp bilýän ýönekeý görnüşde ýasapdy. Orta mekdebiň ýokary synplarynda okaýarka robat ýasamak işini biraz soňa goýanam bolsa, uniwersitete gireninden soň bu «hobbi» ýene ony öz gününe goýmady.

Bir gezek ol iň kiçi robotyň Ýaponiýada döredilendigini gazetde okaýar, soňra şol rekord başga ýurtly biri tarapyndan gaýtalanýar. Şondan soň Tasuhiko ýurduna bu ugurda öňki derejesini gaýtaryp alyp bermek kararyna gelýär.

Oýlap tapyjynyň öz robotynyň göwrümini detallaryň parallel baglanyşygy boýunça mümkin boldugyndan azaltmagy başarandygy Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda beýan edilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn