Aşgabat — London gatnawy boýunça petekler onlaýn satuwa çykarylýar


02.05.2024

Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web sahypasyndaAşgabat (ASB) — London (LGW) — Aşgabat (ASB) ugurlary boýunça petekleriň satuwyna başlady.

2024-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — London ugrunda petekleriň bahasy 5950 TMT, London — Aşgabat ugrunda bolsa 6399.7 TMT. Şeýlelik bilen, ikitaraplaýyn petekleri 10017,6 TMT satyn alyp bolar.

turkmenistanairlines.tm web sahypasynda we «Türkmenhowaýollary» gullugynyň awiakassasynda petekleriň bahalarynyň dürlüçedigini ýatladýarys. Beýleki nyrhlar barada has giňişleýin maglumaty degişli baglanyşykdan tapyp bilersiňiz.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn