Ilkinji “Agroexpress” otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana barar


04.05.2024

Russiýadan Hindistana iberilen ilkinji “Agroexpress” otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer. Russiýanyň demirýollary (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, RŽD AGPJ-niň “RŽD Logistika” golçur kompaniýasy we “Suhoý Port Ýužnouralskiý” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet tarapyndan gurnalan we ugradylan bu otly süle we däne önümlerinden ybaratdyr.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň “Uwelka” kompaniýasynyň süle önümleri ýüklenilen ýigrimi futlyk 31 sany konteýner Formaçýowa menzilinden (Ýužno-Ural demir ýollary) Türkmenistanyň Sarahs menziline ugrady.

Otly Sarahs menzilinden Eýranyň çägindäki Bender Abbas portuna, soňra bolsa deňziň üsti bilen Hindistanyň Mundra portuna barar. Süle we däne önümleri ýüklenen otlynyň bellenilen porta 35 günüň dowamynda barmagy göz öňünde tutulaýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn