Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


07.05.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan pagtaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek, şeýle hem Lebap we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur taýýarlyk işleriniň geçirilmegini tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, hormatly Prezidentimiz olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi hem-de birnäçe resminamalara gol çekdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn