Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýalar toplumy ynamly ösdürilýär


08.05.2024

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen dört aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118 göterime deň boldy. Ulagyň ähli görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, degişlilikde, 103,5 hem-de 102,6 göterime barabar boldy. Ýanwar — aprel aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,3 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 161,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 114,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,9 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Pudagyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn