«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady


24.05.2024

Şu gün — 24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.

Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Sergä gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şolaryň hatarynda okgunly ykdysady ösüşe we amatly maýa goýum ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt we milli kompaniýalar bar.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirilýär.

Döwrebap wideotehnikalar bilen enjamlaşdyrylan giň zallarda, ýagtylandyryjy bannerli we pannoly äpet monitorlar goýlan diwarlyklarda Aşgabadyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlary görkezilýär. Serginiň ekspozisiýasy döwlet şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Aşgabatda amala aşyrylýan özgertmeler gurluşyk we binagärlik, senagat, ulag-aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý-jemagat toplumyny, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny we beýlekileri gurşap alýar.

Bu ýerde dürli görnüşli senagat önümleri, azyk harytlary, amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen bir hatarda, ekologik taýdan arassa, halkara ölçeglere laýyk gelýän şäher hojalygy ulgamyny döretmäge degişli iri maýa goýum taslamalary, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we uly şäheriň ýaşaýyş-durmuşynyň oňyn sazlaşygyny saklamaga, daşky gurşawynyň goralmagyna ýardam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi.

Mundan başga-da, halkara derejesindäki gözden geçirilişde işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän kompaniýalar öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar dünýä derejesindäki talaplara laýyklykda, şäher hojalygynda ulanmaga degişli ekologik taýdan arassa ulgamlara hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen intellektual düzümlere degişli taslamalara aýratyn ähmiýet berýärler.

Sergi ertir — 25-nji maýda tamamlanar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn