«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergide «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mümkinçilikleri hödürlendi


25.05.2024

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi başlandy.

Halkara sergä ulag we aragatnaşyk toplumynyň edaralary — «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleri we beýleki degişli pudaklar hem öz diwarlyklary bilen çykdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň pawilýonynda ýurdumyzyň awtoulag pudagynda ýeten belent sepgitleri giňişleýin beýanyny tapdy. «Türkmenawtoulaglary» agentligi çärä gatnaşyjylary özüniň birnäçe hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Agentligiň diwarlygynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hödürleýän hyzmatlarynyň giň toplumy, degişli çözgütler hem-de ýurdumyzyň şu ugurdaky mümkinçilikleri utgaşdyrylýar. Ýük awtoulagynyň, ýolagçy awtobuslarynyň hem-de döwrebap taksileriň şekilleri diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, bütin ýurdumyzda ulag ulgamynda hödürlenýän giň mümkinçilikleri şöhlelendirýär.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda ýolagçylara hödürlenýän awtoulag hyzmatlary yzygiderli artdyrylýar. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilip durulmagy şol hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ilatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan döwrebap awtobuslaryň sowgat hökmünde gowşurylmagy hem bu hakykatyň aýdyň görkezijisidir. Nobatdaky sergi hem ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň özenini düzýän şeýle tagallalaryň beýany boldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn