Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi


28.05.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda galla oragyna başlamaga hem-de möwsümi guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görüldi.

Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem welaýatlarda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak, Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmegini tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn