Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «e.gov.tm» portalynda


30.05.2024

Ozal habar berşimiz ýaly, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Şu ugurlar boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Döwlet hyzmalary portalynda (e.gov.tm) onlaýn satuwa çykaryldy. Munuň özi Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatlaryň günsaýyn kämilleşdirilýändigini görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, bir taraplaýyn petegiň bahasy ulular üçin 75 manada, 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa 37 manat 50 teňňä deňdir. Petekleriň satuwy diňe onlaýn te däl, eýsem, kassalaryň üsti bilen hem amala aşyrylýar.

Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleriniň «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň resmi saýtynda hem-de «Şäherara bilet» mobil goşundysynda hem onlaýn tertibinde satylýandygyny ýatladýarys.

Bu ugur boýunça awtobus hepdäniň ähli güni sagat 06:00-da Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunda ýerleşýän halkara awtomenzilden ýola düşýär, 13:00-da bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgadan yzyna ugraýar.

Gatnaw tertibi we petekleri satyn almak üçin ýüze çykan sowallar boýunça şu telefon belgiler arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

(+993 12) 44-35-30 we 44-35-20.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn