Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda suw ulaglary boýunça guralan konferensiýada çykyş etdi


31.05.2024

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekiliýeti Astrahan sebitinde Hazar ylym-bilim kongresiniň çäginde guralan «Suw ulaglarynyň meselelerini çözmegiň häzirki zaman çözgütleri» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri üstaşy ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak we ulag infrastrukturasynda geografiki maglumat tehnologiýalaryny ulanmak ugrundaky gazanan ösüşlerini köpçülige hödürlediler.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşlarynda foruma gatnaşyjylara Türkmenbaşy halkara deňiz porty, onuň halkara ýük daşamalaryndaky, esasan hem, goňşy ýurtlaryň ýükleriniň üstaşyr geçirilmegindäki orny, şeýle-de portuň multimodal ulag ulgamyny döretmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler.

Türkmen wekiliýeti portuň täze nyrh ulgamy, galla ekinlerini daşamak üçin teklip edilýän şertler we sebitdäki iň uly ulag merkezi hökmündäki ösüş mümkinçilikleri barada-da durup geçdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn