«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar


05.06.2024

4-nji iýunda, Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde ýokary derejede gurnalan mejlise Türkmenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlardan, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maslahatda GDA agza ýurtlaryň telekommunikasiýa pudagynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H. Hudaýgulyýew sanly ulgamy giň gerimde ulanmak arkaly ykdysadyýetiň ösüş depginini ösdürmek, maglumat ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek ýaly aragatnaşyk pudagynyň derwaýys meseleleri bilen çykyş etdi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H. Hudaýgulyýew çykyşynyň ahyrynda halkara maslahata gatnaşyjy döwletleriň we guramalaryň wekillerini 2024-nji ýylyň 14-16 noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmentel-2024» halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen GDA agza ýurtlaryň telekommunikasiýa pudagynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikiçäk görnüşde hem-de giňişleýin düzümde duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda maglumat we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine seredildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn