Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlendi


08.06.2024

7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda, daşary syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanýandygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ol ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçileri Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynda 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň hasabaty söwda we dokma toplumlarynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri bilen bagly boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň hasabaty hem onuň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerini özünde jemledi. Soňra wise-premýer Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi we hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Şeýle hem «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ylymlar güni mynasybetli «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylandygy barada habar berildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 7,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5,4 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýunda ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Raýatlarymyzyň ylym-bilim bilen meşgullanmagy we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn