Aşgabatda türkmen-koreý ýokary derejedäki gepleşikler başlandy


11.06.2024

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary amala aşyrýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler başlandy.

Resmi garşylanyş dabarasy tamamlanandan soňra, taraplar ikiçäk duşuşygy geçirýärler. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzüminde dowam eder.

Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrarlar.

Prezident Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana ilkinji saparyna iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar.

Türkmen-koreý ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn