ŞU ÝYLYŇ BÄŞ AÝYNDA «TÜRKMENHOWAÝOLLARY» AGENTLIGI BOÝUNÇA 153 GÖTERIM ÖSÜŞ GAZANYLDY


11.06.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 117,5 göterime deň boldy. Şu ýylyň bäş aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 105,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime deň boldy. Ýanwar — maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153 göterime barabar boldy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 115,8 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini döwre görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini nygtady we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn