Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi


15.06.2024

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow standartlaşdyrmak we metrologiýa ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan pudak edaralarynda ulanylýan ölçeg serişdelerini döwürleýin deňeşdirme barlagyndan geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Wise-premýer bu ugurdaky işleriň “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz halkara standart talaplaryna laýyklykda, metrologiýa ugry boýunça ölçeg serişdeleriniň döwürleýin deňeşdirme barlagyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň sebitlerindäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ondan soň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibiniň taslamasy barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyz bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 16-17-18-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurban baýramyny bellemek we 16-njy iýundaky dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekendigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn