“Magtymguly” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de maslahat çäresi geçirildi.


21.06.2024

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň gurnamagynda “Çarlak” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy “Magtymguly “ atly türkmen, rus, iňlis dillerinde çapdan çykan kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de “Ady äleme dolan Pyragy” atly maslahat çäresi geçirildi.

Çärä “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň hem-de Türkmenbaşy şäher Merkezi kitaphanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýynyň halkara derejede bellenýändigi, şahyryň saýlanan eserleri ýygyndysyndaky goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini we şahyryň ömri döredijiligini baý we edebi mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Tanyşdyryş dabarasynda çärä gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi boýunça alyp barýan işleri üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn