"Türkmenaragatnaşyk" agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär


02.07.2023

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi NEC Telekommunikasiýa Maglumat Tehnologiýalary Ltd.Sti we Delta Telecom Ltd. bilen hyzmatdaşlyk memorandumlaryny baglaşdy.

Gol çekişlik dabarasy 2-nji iýul, ýekşenbe güni geçirilen "Arkadag şäheri - akylly we ýaşyl tehnologiýalaryň şäheri" halkara konferensiýasynyň çäginde geçirildi.

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi we NEC Telekommunikasiýa Maglumat Tehnologiýalary telekommunikasiýa, sanlylaşdyrma we aragatnaşyk, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ösdürmek, kiberhowpsuzlyk we beýleki ugurlar boýunça tejribe alyşmak barada ylalaşdylar.

NEC elektron, kompýuter we telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji Tokioda ýerleşýän dünýäniň iň uly telekommunikasiýa kompaniýalarynyň biridir.

Kawkazda öňdebaryjy operator bolan Azerbaýjan Delta Telecom bilen internet trafigi we beýleki telekommunikasiýa hyzmatlary üstaşyr hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gelindi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn