Türkmen wekiliýeti «Digital Bridge 2023» halkara forumynyň dowamynda gazak kompaniýalary bilen duşuşdy


18.10.2023

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde ýokary derejeli «Digital Bridge 2023» atly halkara forumyna gatnaşdy. Bu forum dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 20 000-den gowrak ygtyýarly wekili bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda «TikTok» kompaniýasynyň baş direktory Şou Çu, «Digital Nomads» jemgyýetini esaslandyryjy Aset Abdualiýew, «ICPC» gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Uilýam Pauçer, «SpaceX-iň» «Starlink» boýunça wise-prezidenti Loren Dreýer ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bar. Forumyň çäginde tegelek stollaryň we duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň dowamynda ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmegi üçin IT hünärmenleriň täze pikirlerini ähli pudaklara üstünlikli ornaşdyrmak, geljegi uly innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäginde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň hem-de «Türkmentelekom» EAK-nyň başlygy Hojanyýaz Awganowyň Gazagystan Respublikasynyň Innowasiýa, aerokosmiki we sanly ulgamy ösdürmek boýunça ministri Musin Batyrbekulyň we «Kazahtelekom» PJ-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda sanly ulgamy kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler we halkara ulgamlara birigýän üstaşyr aragatnaşyk geçirijileriň sebitara bähbitleri hem-de mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de, taraplar agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn