«JINGDONG» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI


10.11.2023

Şu gün — 10-njy noýabrda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar «Jingdong» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ozal kompaniýanyň «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşýandygyny habar beripdik.

Ikitaraplaýyn duşuşykda taraplar geljekki hyzmatdaşlyklar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de tehnologik kompaniýanyň maglumat, emeli aň, blok zynjyrlary we ş.m. tehnologiýanyň täze nesillerine esaslanmagy, olaryň mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin beýan edildi. Öz gezeginde türkmen tarapy hem kompaniýa bilen geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýup, ony hasda giňeltmek we ösdürmek boýunça maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn duşuşyk ýokary derejede geçirildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn