Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 3,1 milliondan geçdi


10.11.2023

Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 ulanyjy internete birikdirildi diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Aşgabatda geçirilen «Türkmentel — 2023» atly ylmy maslahatda eden çykyşynda aýtdy.
Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Agentligiň başlygynyň sözlerine görä, 421 müň 609 müşderi simli internet ulanyjylary bolup, 2 million 727 müň 569 adam öýjükli internet ulanyjylarydyr. Şeýle hem, soňky 3 ýylda Türkmenistan tarapyndan satyn alnan halkara internet-kanallarynyň umumy kuwwatynyň 10 esse artandygy bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanda maglumat geçirmek üçin 8 sany döwletara optiki süýümli geçirijisiniň gurlandygy habar berildi. 273 million dollarlyk aragatnaşyk operatorlarynyň torlaryny giňeltmek baradaky taslamalaryň netijesinde ýurt ilatly ýerleri ýokary tizlikli internet bilen 100% gurşap aldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn