«TMCELL» Türkmenistanyň ýokary tizlikli awtoýollaryny öýjükli aragatnaşyk bilen doly üpjün etdi


22.01.2024

«Altyn Asyr» ÝGPJ-niň hünärmenleri Aşgabat — Mary — Türkmenabat hem-de Aşgabat — Balkanabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny öýjükli aragatnaşyk tory bilen dolulygyna üpjün etdiler.

Bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde yzygiderli gatnawlaryň awtoulag sürüjileri we ýolagçylary Türkmenistanyň şähere gatnawlary mahalynda öýjükli aragatnaşyk hem-de internet hyzmatlaryndan bökdençliksiz peýdalanyp bilerler.

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň ugrundaky ähli ýerlerde aragatnaşyk ulgamlarynyň netijeli işlemegi Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän häzirki zaman enjamlarynyň ulanylmagy bilen mümkin boldy.

Häzirki wagtda Aşgabat — Daşoguz, Türkmenabat — Gazojak hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz ýollarynda signalyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen täze enjamlaryň oturdylmagy işjeň ýagdaýda dowam edýär. Bu işler Türkmenistanda aragatnaşyk infrastrukturasyny giň gerimde döwrebaplaşdyrmagyň çäginde alnyp barylýar.

«TM CELL» kompaniýasy aragatnaşygyň hilini geljekde has-da ýokarlandyrmagy, şeýle hem mobil TW, onlaýn media we beýleki sanly hyzmatlaryň işini kämilleşdirmegi maksat edinýär. Infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň hem-de Yslam Ösüş Bankynyň maýa goýum serişdeleriniň goldawy netijesinde amala aşyrylýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn