Türkmenistanda mart-aprel aýlarynda halkara olimpiadalar, ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler


05.02.2024

Şu gün — 2-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurtda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler.

Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek mekdep okuwçylarynyň arasyndaky matematika dersi boýunça halkara olimpiadany ýokary derejede guramagy, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça açyk halkara olimpiadalaryny geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn