Daşoguz welaýatynda ýokary tizlikli internet ulanyjylaryň sany artdy


06.02.2024

“Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy geçen ýylyň netijeleri boýunça ýokary tizlikli internet ulanyjylaryň sanynyň ep-esli artandygyny habar berýär. Geçen ýylyň dowamynda welaýat boýunça telefon nokatlarynyň 6 müň 820-siniň deregine 9 müň 134-si ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Geçen ýyl welaýatda meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 6 müň sany telefon nokadyna derek 6 müň 377 sany telefon nokady gurnaldy. Welaýatyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň hatarynyň artýandygyna görä, ilatyň öýlerine çekilýän hem-de internet ulgamyna birikdirilýän telefon nokatlaryna isleg barha artýar.

Bellenişi ýaly, “Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmenleri häzirki zaman sanly çözgütleri özleşdirmek we ornaşdyrmak işlerini alyp barýarlar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn