Gazagystanyň Golýazmalar merkezi Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga taýýar


15.02.2024

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepowyň ýurduň Medeniýet we sport ministrliginiň Arhiw işi we resminamalary dolandyrmak baradaky komitetiniň Golýazmalar we seýrek neşirler merkeziniň direktory Žandas Boldykow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara möçberde giňden bellemek meseleleri duşuşygyň esasy özenini düzdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty şu ýylyň 3-nji çärýeginde türkmen we gazak Gündogary öwreniji alymlarynyň gatnaşmagynda medeni-döredijilik çäresini geçirmegi teklip etdi. Öz gezeginde, gazak tarapy bilelikde çäreleri guramaga taýýarlygyny beýan etdi.

  Duşuşykda taraplar iki ýurduň ýöriteleşdirilen ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-barlag işlerini alyp barmak, dürli gadymy golýazmalary we ýazgylary öwrenmek üçin gatnaşyklary ýola goýmakda döreýän mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bilelikdäki çäreleri guramak meselelerine garadylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn