Demir ýol ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmakda sanly ulgamyň orny


16.02.2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” tassyklandy. Konsepsiýanyň tassyklanan ilkinji günlerinden başlap “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan halkymyza hödürlenýän hyzmatlaryň biri bolan demir ýol ulagy arkaly ýolagçy gatnatmak hyzmaty bolup, ýolagçylara internet ulgamy arkaly “Elektron biletleri” satmak boýunça ilkinji sanly hyzmat hödürlendi.

  Häzirki günde, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan bu hyzmatyň gerimi barha giňeldilýär. Ýagny, birnäçe mobil goşundylar arkaly, Jemgyýetiň internet web-saýty hem-de www.e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly “Elektron biletleriň” satuwy ýola goýulyp halk köpçüligine oňaýly şertler döredilýär.

  Mundan başgada, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiň internet web-saýty arkaly “Elektron bilet” satyn almaga isleg bildirýän ýolagçylara, goşmaça hyzmat görnüşinde “Ynamly taksi” taksi çagyrmak hyzmatyndan peýdalanmak mümkinçilikleri hem döredilen.

  Şeýle hem, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň islendik künjegine otluda syýahat etmäge isleg bildirýän müşderiler üçin sorag-jogap gullugy döredildi.

  Her bir müşderi 086 gysga belgä jaň aýlamak bilen, ýolagçy peteklerini satyn almakda, ýolagçy otlulary barada, hem-de ýolagçy wagonlarynyň aýratynlyklary barada özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary tiz wagtyň dowamynda sorag-jogap gullugynyň operatorlaryndan anyklamaga mümkinçilik alar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn