Türkmenistan sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanýar


18.02.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda öndebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, milli programma önümleri döretmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen ýerli hünärmenler tarapyndan bilelikde taslamalar taýýarlanyp, tapgyrlaýyn işe goýberilýär.

Ýurdumyzda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan edilýän hyzmatlary elektron görnüşe geçirmek, sanly ulgamlar arkaly raýatlaryň durmuş-jemgyýetçilik işlerini ýöretmeklerinde köp amatlyklary gazanmak, elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň bir bitewi e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly döredildi.

Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde «bir penjire» döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny özünde jemleýär. Bu usul hyzmatlara isleg bildirýänlerden resminamalary merkezleşdirilen görnüşde kabul etmäge mümkinçilik berýär hem-de şolary taýýarlamagyň möhletlerine hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär.

Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen web-saýtlarydyr, olaryň sanly hyzmatlarynyň salgylanmalary, her ministrligiň we pudaklaýyn edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegiň derejesini anyk görkezýär. Ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri sanly ulgam arkaly hödürlenip, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalyna ýerleşdirildi.

Häzirki wagtda Döwlet hyzmatlar portalyna ýüzlerçe sanly hyzmatlar ýerleşdirildi.

Şeýle hem, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan döwrebap «sanly.tm» milli elektron poçtasy döredilip işe goýberildi. Bu programma çözgüdi, elektron poçtanyň ähli döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçiligi döredýän modullary öz içine alyp, elektron gözleg ulgamy, dürli görnüşdäki habarlar, howa maglumaty we salgylanmalar ýerleşdirilen. Häzirki wagtda, «sanly.tm» milli elektron poçtasynda döredilen elektron poçtalaryň sany 45 000-den geçdi.

Bulardan başga-da, aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri tarapyndan «Start» milli onlaýn hat habar alyş-çalyş ulgamy (messenger) döredilip, dürli platformalarda işi ýola goýlup, diňe hat habarlary alyşmak, toparlaýyn söhbetdeşligi guramak däl, eýsem sesli we wideo jaňlary, şol sanda toparlaýyn amala aşyrmaga, şeýle hem dürli görnüşli elektron faýllary paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Ulanyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün edýän bu ulgamyň häzirki wagtda ulanyjy sany 350 000-e ýetdi.

Ýurdumyzda poçta hyzmatlaryndan sanly ulgam arkaly peýdalanmaga doly mümkinçilikler döredildi. Köpugurly «Çapar» ykjam programmanyň üsti bilen onlaýn görnüşde aragatnaşyk we jemagat hyzmatlarynyň, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň töleglerini tölemek, demir ýol we awia petekleri hem-de teatrlaryň peteklerini onlaýn satyn almak, taksi hyzmatlaryndan peýdalanmak, çapar çagyrmak, ýollamalary ugratmak, ýollamanyň ugry barada maglumat almak, döwürleýin neşirlere ýazylmak ýaly hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi.

Şeýle hem, ykjam programmada ýerleşdirilen «09 sorag-jogap» bukjasy, ulanyjylara ýerleşýän şäherindäki kärhanalaryň we guramalaryň, gyssagly kömek gulluklarynyň, howa menzilleriň, myhmanhanalaryň we restoranlaryň telefon belgilerine onlaýn elýeterlilik mümkinçiligini berýär. «Çapar» ykjam programmasy köp mukdarda maglumat we elektron hyzmatlary almak mümkinçiligi bilen gyzyklanýan ulanyjylarynyň sanyny yzygiderli artdyryp häzirki wagtda ulanyjy sany 166 müňden geçdi.

Bulardan başga-da, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «shop.post.tm» söwda platformasy ýurdumyzda halkyň sarp edýän köpdürli önümlerini öndürijilerine harytlaryny ýerlemek üçin işjeň elektron söwda meýdançasy bolup, önüm öndürijiler bilen bir hatarda, satyn alyjylar üçin hem oňyn şertler döredildi.

Söwda platformasy raýatlaryň öýlerinden çykmazdan gerekli harytlary bilen tanyşmaga, satyn almaga we sargyt etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ykjam programmada geçirilýän ähli aksiýalar, arzanladyşlar barada habarly bolmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda platformada ýerleşdirilen harytlaryň görnüşi 10 000-den geçdi.

Ýurdumyzda raýatlaryň internet ulgamynda wagtlaryny medeniýetli geçirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, «Belet film» onlaýn kinoteatr platforma döredilip işe goýberildi.

Bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, ulanyjylara wideolaryny platforma ýüklemäge we beýleki ulanyjylar tarapyndan döredilen mazmuny tapmaga mümkinçilik berýän «Belet Video» hyzmaty işle goýberildi.

«Belet Video» hyzmaty, ykjam enjamlar we akylly telewizor ýaly dürli platformalarda elýeterli bolup, ulanyjylaryň wideolary islendik ýerde we özleri üçin amatly enjamlarda görmäge, hyzmatyň ýeňilleşdirilen aýdyň sahypasy, ulanyjylara gyzyklanma bildirýän wideolaryň zerur mazmunyny çalt öwrenmäge we tapmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga, olaryň kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, sanly we elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga, şäherde sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmäge, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, 2022 – 2028-nji ýyllarda, ykjam aragatnaşygyň hereket edýän CDMA ulgamyny döwrebaplaşdyryp, GSM aragatnaşyk standartyna geçirmek bellenen.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan döwrebap 5G ülňülerini ýurdumyzda işe goýbermegiň mümkinçiliklerini öwrenýär.

5G tehnologiýasynyň maglumatlary geçirijilik mümkinçiliginiň has ýokarydygyny göz öňünde tutup, bu tehnologiýanyň mümkinçiliklerini hususanda «Akylly şäher» we «Akylly öý» ulgamlaryny, internet zatlary, zawotdyr-fabriklary sanly ulgam arkaly dolandyrmak işlerinde, önümçilikde giňden peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, iň täze sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar, pudaga daşary maýa goýumlary çekilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek, awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (Billing) ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, Türkmenistanda FM radioýaýradyş toruny ösdürmek we Internet ulgamyny kämilleşdirmek taslamalary boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary kabul edildip, bu ugurlarda degişli işler tamamlaýjy tapgyrda alynyp barylýar.

Häzirki wagtda, maglumat geçiriş multiserwis toryny kämilleşdirmek taslamasy boýunça Internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek üçin enjamlar toplumlary we olar üçin niýetlenen programma üpjünçilikleri giňeldilýär. Bulardan başga-da FM radioýaýradyş toruny ösdürmek taslamasy boýunça radioýaýradyjy enjamlar toplumlary ýurdumyza getirilip gurnaldy we işe girizildi.

Häzirki wagtda «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek taslamasy boýunça daşary ýurtlaryň öňde baryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlar toplumlary ýurdumyzda gurnaldy. Netijede ýurdumyzyň ähli ilatly nokatlarynda ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, hususan-da giň zolakly öýjükli Internet ulgamyndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda internet ulgamyny kämilleşdirmek taslamasy boýunça baglaşylan şertnama laýyklykda ähli enjamlar toplumlary ýurdumyzyň çäklerine getirilip gurnaldy.

Maýa goýum taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda FM radioýaýradyş toruny ösdürmek taslamasy boýunça ähli enjamlar toplumlary ýurdumyzyň çäklerine ornaşdyryldy. Geçirilen işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli ilatly nokatlarynda 4 milli radioýaýlymlarymyz ýaýlyma goýberildi.

SANLY HYZMATLAR

Internet ulanyjy sany 3 195 919 müşderi, olardan:

441 010-sy simli internet ulanyjy;

2 754 909-sy sany öýjükli internet ulanyjy.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça daşky internet kanalyň kärendä alynýan bölegi 170 gigabit/sekunda ýetdi, içki internet kanalyň ulanyşy 95 gigabit/sekunt.

Häzirki wagtda, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalyna jemi 515, ýagny 41  onlaýn tölegler we hyzmatlar, 268 sany maglumat hyzmatlary, şeýle hem döwlet edaralarynyň 158 sany web-saýtlaryna we 48 sany amala aşyrýan hyzmatlaryna salgylanmalar ýerleşdirilen.

Häzirki wagtda, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalynda jemi 42 315 sany şahsy otaglar döredildi.

Şeýle hem, «start» messenjer işe goýberildi. Häzirki wagtda, ulanyjy sany 396 565-den geçdi. Onuň ulanyjy sany her gün artýar.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynda «Çapar» mobil programma üpjünçiligi işe goýberilip, onuň ulanyjy sany 176 299-den geçdi.

Salgydan salga eltip berme – «Çaparçylyk» hyzmatyndan diňe ýanwar aýy boýunça 5 279 sany sargyt boldy.

Bulardan başga-da, Kompaniýanyň post.tm internet web-saýtynda müşderiler «Şahsy otag» arkaly aragatnaşyk, jemagat we Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň administratiw hukuk bozulmalarynyň töleglerini tölemek, «Çapar çagyrmak», «Ýollamalary ugratmak», «EMS ýollamalary ugratmak», «Ýollamanyň nirededigini anyklamak», «Poçta aragatnaşyk bölümleriň nirededigini anyklamak», «Nyrhnamalary öwrenmek», «Online usulda gazet we žurnallara ýazylmak» ýaly amallary ýerine ýetirip bilerler.

Ýurdumyzda internet söwda ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň çäklerinde, shop.post.tm elektron söwda platformasy işe goýberildi, 9 158 sany haryt görnüşleri ýerleşdirilen. Müşderi sany 8 325-den geçdi.

Bulardan başga-da, häzirki wagtda, ýurdumyz boýunça abuna ýazylyşygyna 2024-nji ýylyň birinji ýarymy üçin jemi 210 395 abunaçy online görnüşde ýazyldy.

«sanly.tm» milli elektron poçtasy işe girizildi. Häzirki wagtda milli bukjasyndan peýdalanýan ulanyjylaryň sany 42 717-e ýetdi. Korporatiw domen 252 sany.

Ýurdumyz boýunça jemi 1 068 sany internet web-saýtlar bellige alyndy, olardan 312-si elektron söwda nokatlary we Internet dükanlary. Saýtlaryň 209-sy şertnamalaýyn esasda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy tarapyndan gözegçilige alyndy.

Wirtual serwerleri (VPS, VDS,) kärenda bermek hyzmatlaryndan peýdalanýan ulanyjylaryň sany artyp, hosting hyzmatlaryndan peýdalanýan ulanyjylaryň sany 1 132-e ýetdi. Kolokasiýa (Сollocation) serwerleri kärendesine bermek hyzmatynyň nyrhnamalary 4 esse arzanladylydy we ulanyjylaryň sany 18 boldy.

Online kinoteatr platformasy (Belet film) döredildi. Hazirki wagtda bu hyzmatdan peýdalanýan ulanyjylaryň sany 87 601-den geçdi. (telekom – 37 312, AŞTU – 11 241, şahsy – 39 048)

«Belet wideo» – youtube görnüşde milli programmanyň ulanyjy sany 16 103 ýetdi.

«Milli One» antiwirus programmasy taýýarlanyp işe goýberildi. «Milli One» antwirus programmasy – daşary ýurtlaryň antiwirus programmalaryny öndüriji öňdebaryjy kompaniýalarynyň programmalary bilen yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, olaryň maglumat binýatlary bilen maglumat alyş-çalşygy ýola goýuldy. Häzirki wagtda bu antiwirus programmasyny satyn almaga daşary ýurtlardan sargytlar gelip gowuşýar.

«Milli Billing» – «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde guralyp, işe girizildi. «Milli Billing» milli hasaplaýyş billing ulgamy programma öndürijileriň reýestrina girizildi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn