Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi


28.06.2024

27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.

Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Günorta Koreýanyň meşhur kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürmegiň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu aýda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Saparyň netijeleri boýunça geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, tagallalary birleşdirmek zerur hasaplanýar. Türkmen şäherleriniň täze keşbini kemala getirmek, Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we «Aşgabat-siti» taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Koreý kompaniýalary türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we olaryň ýurdumyzyň gaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak boýunça döwlet maksatnamalary hereket edýär. Şolarda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda anyk wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak, karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Myhman durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, abadançylyk, işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn