Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi tamamlandy


28.06.2024

27-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan uly baýramçylyk konserti Medeniýet hepdeliginiň jemleýji wakasyna öwrüldi.

Döredijilik çäresine tanymal ýerine ýetirijiler, sungat toparlary, meşhur halk ansambllary, hem-de sungat ýoluna ýaňy gadam goýan ýaş artistler gatnaşdylar. Baýramçylyk şowhuny çäreler bilen utgaşdy.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde ylmy konferensiýalar, şekillendiriş we bezeg sungatynyň sergileri, muzeý gymmatlyklary we neşir önümleri mynasyp ornuny tapdy. Sungat forumyna gatnaşan ýaşlar zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Teatr sahnasynyň ussatlary baýramçylyga niýetläp taýýarlan sowgatlaryny tomaşaçylara görkezdiler. Ýurduň ähli sebitlerinden gelen teatrlar premýeralaryny hödürlediler.

Medeniýet hepdeliginiň jemleýji gününde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy boldy.

Baýramçylyk çäreleriniň ahyrky pursatlary bolsa ýurduň sungat ussatlarynyň konserti bilen utgaşyp gitdi. Sahnada halk döredijiligi we häzirki zaman eserleri ýerine ýetirildi. Meýilnamany horeografiki kompozisiýalar bezedi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn