Kononenko kosmosdan Türkmenistana hoşallyk sözlerini ýollady


03.07.2024

Häzirki günlerde älem giňişliginde iş saparynda bolýan Russiýanyň weTürkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna hoşallyk sözlerini ýollady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, kosmonawt öz ýazgylarynda Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär, şeýle-de Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan edýär. Ol Türkmenistanyň at-abraýyny ýokarlandyrmakda we kosmos ugrunda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmekde mundan beýläk-de uly tagallalary etmäge taýýardygyny mälim edýär. O.Kononenko pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döwlet hem-de syýasy işlerinde uly üstünlikleri arzuwlaýar.

Ýatlatsak, şu ýylyň 21-nji iýunynda 60 ýaşyny bellän kosmonawt şondan 15 gün ozal — 5-nji iýunda älem giňişliginde 1000 günläp bolan ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Oleg Kononenko dünýäniň 473-nji, Russiýa Federasiýasynyň 102-nji kosmonawtydyr. Türkmen topragynyň perzendi — adamyň älem giňişligine gadam goýup gelýän 63 ýylynyň içinde 1000 günläp bu giňişlikde bolan ýeke-täk kosmonawt. Ol Ýere gaýdyp gelende bolsa, bu günleriň sany 1110 güne ýeter. Oleg Dmitriýewiç kärdeşlerine degişli rekordy şu ýylyň 4-nji fewralynda täzeledi, indi bolsa ol her gün öz rekordyny täzeleýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn