Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady


03.07.2024

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we dostlukly ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn